tüýkülik

tüýkülik
Agyz boşlugynda emele gelýän suwuklyk.
∙ Kentlewüklerde tüýkülik ýerine onuň ýelim ýaly gurak şepbeşigi galypdy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
∙ Indi siz meni oýunjak diýip hasap edýärsiňizmi? -- diýip, agzyndan tüýküligini saçyp, öňküden hem beter gyzarylyp çişdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Soňky tüýkülik sakgal ezmez. (Nakyl)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem tüýkülik - tüýküligi.
«tüf» diýen tüýküligiň ýere gaçmazlykAýdan sözüň ýerde ýatmazlyk.
∙ Seniň «tüf» diýeniňde tüýküligiňiň ýere gaçmaýan wagtyndan oba göçendir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»